Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şundan soň, Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy Müsür topragyna urup, çekirtgeler çykar. Olar Müsür ýurduna çozarlar we doly ýagandan soňky galan ähli zatlary, ähli bag-bakjalary iýerler» diýdi. Şeýlelikde, Musa elindäki hasasyny Müsür topragyna urup çykdy. Reb şol gün uzakly gün we uzakly gije gündogar ýelini turuzdy. Ertesi irden bu gündogar ýeli çekirtgeler getirdi. Çekirtgeler tutuş Müsür topragyna inip, tutuş ýurdy boýdan-başa eýelediler. Şeýle san-sajaksyz çekirtge sürüsi öň hiç haçan bolan däldir, indi hem bolmaz. Çekirtgeler tutuş ýurduň ýüzüni örtendigi sebäpli, ýeriň üsti garalypdy. Olar ýurtdaky doly ýagandan soňky galan ähli bag-bakjalary we ähli agaçlaryň miwelerini iýdiler. Tutuş Müsür topragynda ne agaç, ne-de bag-bakja galdy, ýekeje-de ýaşyl zat galmady. Beýik we elhenç çöllügiň içi bilen, zäherli ýylanly we içýanly gurak, tozap ýatan ýerlerden sizi Ol alyp geçdi. Kert gaýadan siziň üçin Ol suw çykardy. Içýanlaryňky ýaly guýruklary we neşderleri bardy. Adamlara bäş aýlap ejir çekdirmek üçin berlen güýçleri guýruklaryndady.
Выбор основного перевода