Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyň öňünde ölüler dünýäsi ýalaňaçdyr, heläkçilik ýeriniň örtügi ýokdur. Heläkçilik we Ölüm: „Diňe paýhasyň myş-myşyny eşitdik“ diýýärler. Ölüler dünýäsi we heläkçilik ýeri Rebbe açyk bolsa, ynsan ýüregi Oňa has hem aýandyr. Maňa indi siziň bilen gepleşere köp wagt galmady, sebäbi bu dünýäniň hökümdary şeýtan gelýär. Onuň Men babatda hiç hili ygtyýary ýokdur. Edil dünýädäki beýleki adamlar ýaly siz-de günäli ýaşaýşa eýerip, Hudaýa tabyn bolmadyklara heniz-de täsirini ýetirýän gökdäki ruhy güýçleriň hökümdaryna gulluk edýärdiňiz. Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir. Bäşinji perişde surnaýyny çaldy. Men gökden ýere gaçan bir ýyldyz gördüm. Ýyldyza dowzah guýusynyň açary berildi.
Выбор основного перевода