Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki ölenimden soňra, meniň size buýran ýolumdan çykyp, büs-bütin azgynçylyga baş urjakdygyňyzy men bilýärin. Ahyrky günlerde başyňyzdan bela-beter iner, sebäbi siz Rebbiň nazarynda pis iş edip, öz etmişleriňiz sebäpli Onuň gaharyny getirersiňiz». Olar Hudaýa däl-de, jynlara, tanamaýan hudaýlaryna, ata-babalarynyň gorkmadyk hudaýlaryna, ýaňy peýda bolan hudaýlara gurban kesdiler. Milletleriň butlary kümüş, tylladyr, olar ynsan elleriniň işidir. Olaryň agzy bar, ýöne gürlemeýär, gözleri bar, ýöne görmeýär. Gulaklary bar, ýöne eşitmeýär, burunlary hem ys-kok almaýar. Elleri bar, ýöne hiç zat duýmaýar, aýaklary bar, ýöne ýöremeýär, bogazlaryndan ses-üýn çykmaýar. Olaryň ýurdy butlardan doly, öz elleriniň işine, barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýärler. Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar. Özleriniň guran gurbanlyk sypalaryna bakmazlar, elleri bilen ýasan Aşera butlaryna, tütetgi sypalaryna seretmezler. Olar şerap içip, altyndan, kümüşden, bürünçden, demirden, agaçdan we daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladylar. Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz. Muny diýmek bilen, buta berlen gurbanlygyň ýa-da butuň özüniň haýsydyr bir ähmiýeti bar diýjek bolýarynmy? Elbetde, ýok! Men butparazlaryň berýän gurbanlygyny Hudaýa däl-de, arwah-jynlara berýändigini aýtjak bolýaryn. Men siziň jynlara şärik bolmagyňyzy islemeýärin. Güýçli howur ynsanlary ýakyp-köýdürdi. Ýöne olar toba gelmediler, Hudaýy şöhratlandyrmadylar. Tersine, bu belalara hökümini ýöredýän Hudaýa gargadylar. Olar etmişlerinden dänmediler, toba gelmediler, tersine, ejirleri we ýaralary üçin Gögüň Hudaýyna gargadylar.
Выбор основного перевода