Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonda olary görüp, ýüzüň ýagtylar, şatlykdan tirpildär ýüregiň, çünki baýlyk deňiz üsti bilen saňa getiriler, milletleriň baýlygy saňa geler. Hudaýyň oňa beren beýikliginden ýaňa ähli halklar, milletler we uruglar ondan gorkup sandyraşýardylar. Ol islän adamyny öldürip, islän kişisini-de diri goýýardy. Halanyny beýgeldip, halanyny-da peseldýärdi. Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz. Ýamanlykdan üstün gelen hem ak lybasa beslener. Men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan öçürmerin, Atamyň we Onuň perişdeleriniň huzurynda adynyň bu kitapda ýazylandygyny tassyklaryn. Gel, Men saňa maslahat bereýin: baýar ýaly, Menden otda arassalanan altyny satyn al; ýalaňaçlygyň aýbyny örter ýaly, Menden ak egin-eşik satyn al; görüp biler ýaly, Menden gözüňe melhem satyn al.
Выбор основного перевода