Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eşegini üzüm agajyna, kürresini üzüm agajynyň iň gowusyna daňýandyr ol, şeraba ýuwýandyr eginbaşyny, üzüm şiresine ýuwýandyr donuny ol. Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar. Eger Hökmürowan Reb birnäçämizi aman galdyrmadyk bolsady, Sodom ýaly bolardyk, Gomora meňzärdik. «Şol wagt seniň halkyňy goraýan baş serdar Mikaýyl öňe çykar. Şonda milletler döräli bäri görlüp-eşidilmedik jebir-jepaly döwür geler. Emma şol wagt seniň halkyňdan ady kitapda ýazylanlaryň ählisi halas bolar. Perişdäniň öňünde duran Ýeşuwanyň egnindäki geýimi kirlidi. Perişde öňünde duranlara: «Onuň kirli geýimlerini çykaryň» diýdi. Ol Ýeşuwa ýüzlenip: «Seret, günäňi aýryp taşladym, men saňa toý lybasyny geýdirýän» diýdi. Onsoň men – Zakarýa: «Ýeşuwanyň başyna tämiz selle orasynlar» diýdim. Olar onuň başyna tämiz selle oradylar, ony geýindirdiler. Rebbiň perişdesi-de onuň ýanynda durdy. Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam. Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, Hudaýyň ýaradan dünýäsiniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam. Siziň-de käbirleriňiz şolar ýalydyňyz. Ýöne siz Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Hudaýymyzyň Ruhy arkaly ýuwuldyňyz, Hudaýyň mukaddes halky bolduňyz, aklandyňyz. Biz her tarapdan gysylýarys, ýöne owranmaýarys; biz çykgynsyz ýagdaýa düşýäris, ýöne ruhdan düşmeýäris; Çünki ýeňil we wagtlaýyn muşakgatlarymyz bize juda ajaýyp, beýik we baky şöhrat gazandyrar. Şonda bu muşakgatlar edil bolmadyk ýaly bolar. Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris. Emma Hudaýyň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr. Onuň Ogly Isanyň gany bizi ähli günäden tämizleýändir. Ýöne Sardisde öz lybasyny hapalamadyk birnäçe adam bar. Olar Meniň bilen ak lybaslara beslenip gezerler, sebäbi muňa mynasypdyrlar. Ýamanlykdan üstün gelen hem ak lybasa beslener. Men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan öçürmerin, Atamyň we Onuň perişdeleriniň huzurynda adynyň bu kitapda ýazylandygyny tassyklaryn.
Выбор основного перевода