Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Asmanyň dört ujundan dört ýeli Eýlamyň başyndan inderip, olary bu ýelleriň çar tarapyna dargadaryn. Eýlamyň sürgün edilenleriniň aýak basmadyk ýurdy galmaz. «Eý, ynsan ogly! Hökmürowan Reb Ysraýyl ýurduna şeýle diýýär: „Soňy geldi! Ýurduň dört künjeginiň soňy geldi! Onsoň Ol maňa nepese pygamberlik et, eý, ynsan ogly, pygamberlik et-de, nepese aýt diýdi: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eý, nepes, şemal bolup, çar tarapdan öwüs-de, bu öldürilenleriň üstüne üfle, olar direlsinler“». Ol şeýle gürrüň berdi: «Men gije bir görnüş gördüm, ine, gögüň dört şemalynyň beýik deňze tarap tolkun atýandygyny gördüm. Perişde: «Bular bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň huzuryndan çykýan gögüň dört ruhudyr. Ol belent surnaý sesi bilen Öz perişdelerini ýollar. Perişdeler Onuň saýlanlaryny gögüň bir ujundan beýleki ujuna çenli, dünýäniň dört künjünden ýygnarlar. Edil dünýädäki beýleki adamlar ýaly siz-de günäli ýaşaýşa eýerip, Hudaýa tabyn bolmadyklara heniz-de täsirini ýetirýän gökdäki ruhy güýçleriň hökümdaryna gulluk edýärdiňiz. Şeýlelikde, Oglunyň perişdelerden üstün bolşy ýaly, Oňa berlen at hem perişdeleriňkiden üstün boldy. Olara ýer ýüzüniň otuna, ösümligine ýa-da agajyna däl-de, diňe maňlaýynda Hudaýyň möhüri bolmadyk adamlara zyýan ýetirmek buýruldy.
Выбор основного перевода