Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Duşman söweşijileriň galkany çym gyzyldyr, esgerleriniň lybasy goýy gyrmyzydyr. Taýýarlyk gününde söweş arabalarynyň tigirleri ot saçýar, san-sajaksyz naýzalar howada galgaýarlar. Agşam jülgedäki mirt agaçlaryň arasynda duran bir dor atly adamy gördüm. Onuň ýeňsesinde dor, gyr hem-de ak atlar bardy. Men ýene-de seredip durkam, iki dagyň arasyndan çykyp gelýän dört söweş arabasyny gördüm. Ol daglar bürünçdendi. Arabalaryň birine dor atlar, beýlekisine gara atlar, üçünji birine ak atlar, soňkusyna bolsa güýçli gyr atlar goşulandy. Meniň bilen gepleşen perişdeden: «Eý, jenabym, bular näme?» diýip soradym. Perişde: «Bular bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň huzuryndan çykýan gögüň dört ruhudyr.
Выбор основного перевода