Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men olaryň arasynda bir alamat görkezerin. Olaryň arasyndan gaçyp gutulanlary milletleriň arasyna, Tarşyşa, Pula, ýaýçy Luda, Tubala, Ýawana, Men barada eşitmedik, şöhratymy görmedik uzakdaky adalara ýollaryn. Olar Meniň şöhratymy milletleriň arasynda yglan ederler. Ýa Reb, gazabyň derýalara garşymydy? Gaharyň çeşmelere garşymydy? Atlaryňa, ýeňilmez söweş arabalaryňa müner ýaly, gazabyň deňizlere garşymydy? Ýalaňaç ýaýyňy galgatdyň, sagdagyňy okdan doldurdyň. Sela Ýer ýüzüni akar suwlar bilen ýardyň. Agşam jülgedäki mirt agaçlaryň arasynda duran bir dor atly adamy gördüm. Onuň ýeňsesinde dor, gyr hem-de ak atlar bardy. üçünji birine ak atlar, soňkusyna bolsa güýçli gyr atlar goşulandy. Gara atlara goşulan araba ýurduň demirgazygyna, ak atlara goşulan araba olaryň yzyndan gidýär, gyr atlara goşulan araba bolsa günorta gidýär» diýdi. Ýygnan altyn-kümşüňden bir täç ýasap, ony Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň başyna geýdir. Onsoň görsem, ine, bir ak bulut bar. Buludyň üstünde ynsan ogluna meňzeş Biri otyrdy. Onuň başynda altyn täji, elinde hem ötgür oragy bardy. Soňra men açylan gögi we ol ýerde duran bir ak aty gördüm. Aty münüp oturan Sadyk we Hakykat diýip atlandyrylýardy. Ol adyl höküm çykarýandyr we adalatly söweşýändir. Onuň gözleri ot ýaly ýanýardy, başynda hem birtopar täji bardy. Onuň maňlaýyna Onuň ady ýazylgydy, ýöne bu ady Özünden başga hiç kim bilýän däldir. Onuň egnindäki dony gana boýalandy. Bu ak atly «Hudaýyň Sözi» diýlip atlandyrylýardy. Nepis, ap-ak we tämiz zygyra beslenen gökdäki goşun ak atlara atlanyp, Onuň yzyndan gelýärdi. Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar. Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.
Выбор основного перевода