Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbe we Onuň saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar; hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar. Ine, patyşalar agyz birikdirdiler, bilelikde ol ýerlerden geçdiler. Rebbiň howpundan, Onuň şan-şöhratyndan gaýalarda bukulyň, toprak astynda gizleniň. Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler. Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň şan-şöhratyndan, howpundan gaýalardaky gowaklara, kert gaýalardaky jaýryklara girerler. Şol gün Reb gökde gök goşunlaryny, ýerde dünýäniň şalaryny jezalandyrar. Şalyk sürer ýaly asylzadalary ýok indi, ähli hökümdarlary hiç indi. Ähli şäheriň halky atlylaryň we ýaýçylaryň güpürdisinden gaçýar. Kimsi jeňňele sümýär, kimsi gaýalara dyrmaşýar. Şäherleriň ählisi terk edildi, olarda hiç kim ýaşamaýar.
Выбор основного перевода