Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Pisler peläket güni aman galýarlar, Hudaýyň gazaply gününden gutarylýarlar. Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy, hawa, ol patyşa üçin taýynlandy; ol ýer çuňňur hem giň edildi, ol odun bilen dolduryldy. Kükürt akymy kimin ony ýandyrar Rebbiň demi. Şahyň agzyndan çykýan tekepbir sözler meniň ünsümi özüne çekdi. Bu jandar gözümiň alnynda öldürildi we maslygy ýok edilip, ýanyp duran oda taşlandy. Eý, balalar, bu dünýäniň ahyrky günleri ýetip gelendir. Siz Mesihiň duşmanynyň geljekdigini eşidensiňiz. Hut şu wagt hem Mesihe garşy çykýanlaryň ençemesi peýda boldy. Ine, bu wakalardan biz dünýäniň ahyrky günleriniň ýetip gelendigini bilýäris. Şondan soň men ýerden çykyp gelýän başga bir jandary gördüm. Onuň guzynyňka meňzeş iki şahy bolsa-da, aždarha ýaly gepleýärdi. Ol birinji jandara hyzmat edip, onuň bütin ygtyýaryny amal edýärdi, tutuş ýer ýüzüni we onuň ilatyny ölüm howply ýarasy biten jandara sežde etmäge mejbur edýärdi. Bu ikinji jandar uly alamatlary görkezýärdi, hatda ynsanlaryň gözleriniň alnynda gökden ýere ot hem ýagdyrýardy. Bu jandar birinji jandaryň adyndan alamatlar görkezip, ýer ýüzüniň ilatyny aldawa salýardy. Ol gylyç bilen ölüm howply ýara salnandygyna garamazdan, direlen jandaryň heýkelini ýasamagy ilata buýurdy. Oňa jandaryň heýkeline jan berme güýji berildi. Jandaryň heýkeli gepläp başlady-da, özüne sežde etmeýänleri öldürtdi. Ikinji jandar hemme ynsanlary: kiçileri we ululary, baýlary we garyplary, azatlary we gullary sag eline ýa-da maňlaýyna tagma basdyrmaga mejbur etdi. Ol jandaryň tagmasy bolmadyklara zat satyn almaga ýa-da satmaga rugsat bermeýärdi. Bu tagma jandaryň adyny ýa-da adynyň sanyny aňladýandyr.
Выбор основного перевода