Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ölüler dünýäsinde Müsür we onuň tarapdarlary hakda iň batyr ýolbaşçylar: „Olar aşak indiler, gylyçdan geçirilen sünnetsizler bilen ýatyrlar!“ diýerler. Aşur we onuň tutuş goşuny ol ýerde. Gylyçdan geçirilip, heläk bolan esgerleriniň gabyrlary onuň daşyny gurşap alypdyr. Onuň gabyrlaryna ölüler dünýäsiniň iň düýbünden ýer berildi, goşuny gabrynyň töwerek-daşyny tutup dur. Dirileriň ýurduna howp salanlaryň bary gylyçdan geçirilip öldürilendirler. Eýlam ýurdy ol ýerde we ähli goşuny onuň gabrynyň töwerek-daşynda; olaryň bary gylyçdan geçirilip öldürilenler; dirileriň ýurduna howp salan bu sünnetsizler ýeriň teýine indiler. Ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde olar hem utanja galdylar. Eýlam ýurduna we onuň tutuş goşunyna gylyçdan geçirilenleriň arasyndan düşek saldylar; bütin halky onuň gabrynyň töwerek-daşyndady; ählisi hem sünnetsizdi we gylyç bilen öldürilendi; olar dirileriň ýurduna howp salypdylar, indi ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde olar hem utanja galdylar, olar gylyçdan geçirilenleriň arasynda ýerleşdirildiler. Meşek, Tubal ol ýerdedi. Olaryň ähli goşuny olaryň gabyrlarynyň töwerek-daşyndady; dirileriň ýurduna howp salandyklary üçin, olaryň ählisi hem sünnetsizdi we gylyç bilen öldürilendi; Olar ölüler dünýäsine söweş ýaraglary bilen inen, gylyçlaryny başlaryna ölüm ýassygy edinen, beýleki heläk bolan sünnetsiz batyrlar bilen bile ýatmaýarlar. Olaryň günäleriniň jezasy süňklerine ornar, sebäbi olar dirileriň ýurdunda batyrlara howp salýardylar. Sen hem, eý, faraon, heläk bolarsyň we gylyçdan geçirilenler bilen bile sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň. Edom hem öz patyşalary we ähli hökümdarlary bilen ol ýerdedi. Güýçlüdigine garamazdan, olaryň bary gylyçdan geçirilenler bilen bile ýatyrlar. Olar sünnetsizler we ölüler dünýäsine inýänler bilen bile ýatyrlar. Ähli demirgazyk ýolbaşçylary we sidonlylar hem ol ýerdedi. Güýçli bolup howp salandyklaryna garamazdan, olar utanç içinde gylyçdan geçirilenler bilen birlikde aşak indiler. Olar gylyçdan geçirilen sünnetsizler bilen ýatyrlar we ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde utanja galdylar. Faraon we onuň tutuş goşuny olary görüp, özleriniň gylyçdan geçirilen ähli goşuny üçin teselli taparlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Dünýäniň şalary, şazadalary, müňbaşylary, baýlary, ygtyýarlylary, hemme gullar we azat adamlar gowaklarda, dagyň gaýalarynda gizlendiler.
Выбор основного перевода