Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen ähli goşunlaryň we ýanyňdaky halklar bilen birlikde Ysraýyl dagynyň üstünde heläk bolarsyň. Seni her hili ýyrtyjy guşlara we ýabany haýwanlara iýmit edip bererin. Eý, ynsan ogly, Hökmürowan Reb her hili guşlara we ähli ýyrtyjy haýwanlara şeýle diýýär diý: «Üýşüň-de, geliň; siziň üçin kesjek gurbanlygyma, Ysraýyl daglarynyň üstündäki uly gurbanlyga dumly-duşdan ýygnanyň, et iýersiňiz, gan içersiňiz. Başanyň semiz haýwanlarynyň: goçlaryň, guzularyň, erkeçleriň we öküzleriň eti we gany ýaly, güýçli adamlaryň we dünýäniň hökümdarlarynyň etini iýersiňiz, ganyny içersiňiz. Siziň üçin kesen gurbanlygymdan doýýançaňyz ýag iýersiňiz, serhoş bolýançaňyz gan içersiňiz. Saçagymyň başynda atlardan, söweş arabalaryndan, güýçli urşujylardan hem esgerlerden doýarsyňyz. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Hudaý: «Goý, suw janly-jandarlardan dolup-daşsyn we guşlar hem asmanyň gümmezinde uçsunlar» diýdi. Siziň jesetleriňiz asmandaky guşlara we ýerdäki haýwanlara iýmit bolar. Olary kowmaga adam tapylmaz. Soňra men gökde uçup ýören bürgüdi gördüm. Onuň batly ses bilen şeýle diýýänini eşitdim: «Surnaý çaljak beýleki üç perişdäniň surnaýynyň sesinden ýaňa ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň gününe waý-waý-waý!»
Выбор основного перевода