Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň. Ol birinji jandara hyzmat edip, onuň bütin ygtyýaryny amal edýärdi, tutuş ýer ýüzüni we onuň ilatyny ölüm howply ýarasy biten jandara sežde etmäge mejbur edýärdi. Bu ikinji jandar uly alamatlary görkezýärdi, hatda ynsanlaryň gözleriniň alnynda gökden ýere ot hem ýagdyrýardy. Bu jandar birinji jandaryň adyndan alamatlar görkezip, ýer ýüzüniň ilatyny aldawa salýardy. Ol gylyç bilen ölüm howply ýara salnandygyna garamazdan, direlen jandaryň heýkelini ýasamagy ilata buýurdy. Oňa jandaryň heýkeline jan berme güýji berildi. Jandaryň heýkeli gepläp başlady-da, özüne sežde etmeýänleri öldürtdi. Ikinji jandar hemme ynsanlary: kiçileri we ululary, baýlary we garyplary, azatlary we gullary sag eline ýa-da maňlaýyna tagma basdyrmaga mejbur etdi. Ol jandaryň tagmasy bolmadyklara zat satyn almaga ýa-da satmaga rugsat bermeýärdi. Bu tagma jandaryň adyny ýa-da adynyň sanyny aňladýandyr. Gynalmalarynyň tüssesi bolsa ebedi tütär. Jandara we onuň heýkeline sežde edenler ýa-da onuň adynyň tagmasyny basdyran adamlar ne gije, ne-de gündiz dynç alarlar». Birinji perişde gidip, käsesini ýere dökdi. Jandaryň tagmasy bolan we onuň heýkeline sežde eden adamlarda erbet we agyryly ýaralar peýda boldy. Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Onsoň men tagtlary, olaryň üstünde oturanlary gördüm. Olara kazylyk etmeklik ygtyýary berildi. Mundan başga-da, men Isa we Hudaýyň Hoş Habary hakda şaýatlyk edenleri üçin başlary kesilenleriň janlaryny gördüm. Olar jandara we onuň butuna sežde etmändiler, maňlaýyna ýa-da ellerine onuň tagmasyny basdyrmandylar. Olar direlip, Mesih bilen müň ýyl şalyk sürdüler.
Выбор основного перевода