Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy“» diýip jogap berdi ol. Babyl Rebbiň elinde bütin dünýäni serhoş edýän altyn pyýala kimindi. Milletler onuň şerabyndan içdiler, munuň üçin akylyndan azaşdylar. Babyl duýdansyz ýykylyp kül boldy, onuň üçin perýat ediň! Ýarasyna melhem çalyň, belki-de, şypa tapar. Munuň üçin, eý, azgyn aýal, Rebbiň sözüni diňle: Nebukadnesaryň garşysyna çykarylan bu höküm şol wagtyň özünde amala aşdy. Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, öküzler ýaly ot iýdi, onuň endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy. Saçy bürgüdiň ýelegi ýaly, dyrnaklary guşlaryň penjesi ýaly ösdi. Beýik şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri weýran boldy. Hudaý Babyl şäherini ýada salyp, gahar-gazabyndan doly şeraply käsesinden bu şähere içirdi. Dünýäniň patyşalary onuň bilen zyna etdiler, ýeriň ilaty onuň zynahorlyk şerabyndan içip-içip serhoş boldy». Bu aýalyň maňlaýynda «Beýik Babyl, dünýä lolularynyň we nejislikleriniň enesi» diýen syrly at ýazylgydy. Perişde batly gygyryp, şeýle diýdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň mesgenine öwrüldi, ähli arwahlaryň sürenine öwrüldi, dürli haram we nejis guşlaryň penasyna öwrüldi. Çünki ähli milletler onuň azgyn hyjuwlarynyň şerabyny içdiler. Dünýäniň şalary onuň bilen zyna etdiler, täjirleri onuň göçgünli aýşy-eşretinden baýadylar». Olar onuň çekýän jebirlerinden hopugyp, uzakda duran ýerlerinden şeýle diýerler: „Eý, beýik şäher, halyňa waý! Eý, kuwwatlylyk şäheri Babyl, halyňa waý! Sen bir sagadyň içinde jezaňy aldyň!“
Выбор основного перевода