Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Döwek wagty harman ýeri nähili tapbatlanýan bolsa, Babyl gyzy-da şeýle ediler. Ýene az salymdan onuň oruljak wagty geler. Oraklaryňyzy işlediň, çünki hasyl ýetişdi; üzüm sykylýan ýeri doly, Çelekler dolup daşýança basgylaň. Çünki hetden aşdy pislikleri milletleň». Haşal otlary eken duşman – şeýtandyr. Orak döwri – dünýäniň ahyrydyr, orakçylar bolsa perişdelerdir. Şeýlelik bilen haşal otlar nähili ýyglyp, otda ýakylýan bolsa, dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar. Ol birinji jandara hyzmat edip, onuň bütin ygtyýaryny amal edýärdi, tutuş ýer ýüzüni we onuň ilatyny ölüm howply ýarasy biten jandara sežde etmäge mejbur edýärdi.
Выбор основного перевода