Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şahlara üns berip durkam, olaryň arasyndan ýene-de başga bir kiçijik şah peýda boldy. Öňki peýda bolan şahlardan üçüsi onuň öňünden köki-damary bilen sogruldy. Bu şahyň ynsanyň gözlerine meňzeş gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy. Bäşinji perişde surnaýyny çaldy. Men gökden ýere gaçan bir ýyldyz gördüm. Ýyldyza dowzah guýusynyň açary berildi. Ol dowzah guýusyny açanda, ondan äpet ojagyň tüssesi ýaly tüsse burugsalap çykdy. Bu tüsseden ýaňa Gün we Aý garaldy. Tüsseden ýer ýüzüne çekirtgeler ýagdy. Olara ýer ýüzündäki içýanlaryňky ýaly güýç berlipdi. Olara ýer ýüzüniň otuna, ösümligine ýa-da agajyna däl-de, diňe maňlaýynda Hudaýyň möhüri bolmadyk adamlara zyýan ýetirmek buýruldy. Olara bu adamlary öldürmän, diňe bäş aýlap gynamaga ygtyýar berildi. Çekirtgeleriň berýän ezýeti içýanlaryň adamy çakanda berýän yzasyna meňzeýärdi. Adamlar şol günlerde ölümi agtararlar, ýöne ony tapmazlar. Ölümi küýsärler, ýöne ölüm olardan gaçar. Çekirtgeleriň görnüşi söweşe girjek bedewleriňkä meňzeýärdi. Olaryň başlarynda altyn täje meňzeş zat bardy, ýüzleri adamyňka meňzeýärdi. Saçlary aýalyň saçy, dişleri-de arslanyňky ýalydy. Olaryň döşi demir sowut ýalydy. Ganatlarynyň sesi köpsanly söweş arabalarynyň şakyrdysyna meňzeýärdi. Içýanlaryňky ýaly guýruklary we neşderleri bardy. Adamlara bäş aýlap ejir çekdirmek üçin berlen güýçleri guýruklaryndady. Olara düýpsüz dowzahyň perişdesi hökümdarlyk edýärdi. Bu perişdäniň ady ýewreýçe Abaddon, grekçe bolsa Apolliýondyr.
Выбор основного перевода