Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Kimde-kim bir ynsanyň ganyny dökse, onuň gany hem ynsan tarapyndan dökülsin. Çünki Hudaý ynsany Öz keşbinde ýaradandyr. Özi weýran edilmän, weýran edýäniň, özüne dönüklik edilmän, dönüklik edýäniň dat gününe! Weýran edeniňden soň, özüňi-de weýran ederler; dönüklik etmegi bes edeniňde, saňa-da dönüklik ediler. Olar senden: „Biz nirä gideli?“ diýip sorasalar, sen olara Reb şeýle diýýär diý: „Gyrgyna höküm edilenleri gyrgyna, gylyja höküm edilenleri gylyja, açlyga höküm edilenleri açlyga, sürgüne höküm edilenleri sürgüne ibererin“». Ol gelip, Müsür ýurduny weýran eder. Ölüme höküm edilen ölüme, sürgüne höküm edilen sürgüne, gylyja höküm edilen hem gylyja berler. Şonda Isa oňa şeýle diýdi: «Gylyjyňy gynyna sal, gylyç çekenleriň hemmesi gylyçdan öler. Şoňa görä-de, Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa Mesihe sadyk bolup galýanlar gaýratly bolmalydyr.
Выбор основного перевода