Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Birinjisi ýolbarsa meňzeýärdi we onda bürgüdiň ganatlary bardy. Men seredip durkam, onuň ganatlary goparylyp, ýerden galdy-da, ynsan ýaly iki aýagynyň üstünde durdy. Oňa ynsan ýüregi berildi. Ikinji bir jandar peýda boldy. Ol aýa meňzeýärdi. Ol bir gapdalyna dikeldi. Onuň agzyndaky dişleriniň arasynda üç sany gapyrga süňki bardy. Oňa: „Hany, tur, köp et iý!“ diýdiler. Mundan soň gaplaňa meňzeş başga bir jandar gördüm, onuň dört kellesi, arkasynda bolsa dört ganaty bardy. Oňa hökümdarlyk berlendi. Şonuň üçin men olara arslan ýaly bolaryn. Gaplaň kimin ýoluň ýakasynda, bukuda garaşaryn. Çagalaryndan aýrylan aýy ýaly topularyn, olaryň döşüni çekelärin. Ene arslan kimin olary iýip gutararyn. Wagşy haýwan ýaly olary parçalaryn. „Seniň nirede ýaşaýanyňy bilýärin, şeýtanyň tagty hem şol ýerdedir. Emma muňa garamazdan, sen Maňa sadyk bolup galansyň. Sen hatda öz şäheriňde, hawa, şeýtanyň ýaşaýan şäherinde sadyk güwäm Antibiň öldürilen günlerinde-de Maňa bolan imanyňdan dänen dälsiň.
Выбор основного перевода