Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eý, Hudaý, keseki milletler Seniň saýlan topragyňa aralaşdylar, mukaddes ybadathanaňy haramladylar, Iýerusalimi weýran etdiler. Mukaddes halkyň az wagt mukaddes ýeriňe eýelik etdi, emma duşmanlarymyz aýak astyna atdylar ony. Onsoň Hudaý maňa: «Eý, ynsan ogly! Demirgazyk tarapdaky ýola seret» diýdi. Görsem, gurbanlyk sypasynyň demirgazyk derwezesiniň girelgesinde ýaňky nejis but bar eken. Ol maňa ýene: «Eý, ynsan ogly! Olaryň näme edýänini görýärsiňmi? Meni mukaddes öýümden daşlaşdyrjak bolup, ysraýyl halky bu ýerde nejis işler edýär. Indi mundan-da beter nejisligi görersiň» diýdi. Ol meni howlynyň girelgesine getirdi. Görsem, diwarda bir deşik bar eken. Soňra Ol maňa: «Eý, ynsan ogly, gel, diwary oý» diýdi. Men diwary oýdum; ol ýerde bir girelge peýda boldy. Maňa: «Içeri gir-de, olaryň bu ýerde edýän has nejis işlerini gör» diýdi. Kiçijik şah ulalyp, asman jisimine çenli baryp ýetdi. Ol goşundan, ýagny ýyldyzlardan birnäçesini ýere taşlap depgiledi. Şol gün Men Iýerusalimi ähli milletler üçin agyr daş ederin. Ony göterenleriň ählisi özlerine zeper ýetirer. Ýer ýüzüniň ähli milletleri birleşip, Iýerusalimiň garşysyna çykarlar. Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.
Выбор основного перевода