Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb meni ol ýere getirdi. Ine, bir adam peýda boldy, daş keşbi bürünç ýaly ýalpyldaýardy, elinde zygyrdan edilen ýüp we bir ölçeg taýagy bardy; ol derwezede durdy. Ýaňky adam maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Gözleriň bilen gör, gulaklaryň bilen eşit, saňa görkezjek ähli zatlaryma ýagşy üns ber. Sen bu ýere meniň saňa görkezmegim üçin getirildiň. Görýän ähli zatlaryňy ysraýyl halkyna jar et». Ine, Hudaýyň öýüniň daşynda töwerekleýin diwar bardy. Ýaňky adamyň elinde uzynlygy alty tirsek bolan ölçeg taýagy bardy, her tirsek adaty tirsekden dört barmak uzyndy. Ol diwaryň galyňlygyny ölçedi: onuň ini-de, boýy-da bir ölçeg taýagyna deňdi. Soňra men seredip durkam, eli ölçeg ýüpli bir adamy gördüm. Men ondan: «Nirä barýarsyň?» diýip soradym. Ol maňa: «Iýerusalimi ölçäp, onuň ininiň hem-de uzynlygynyň näçedigini bilmäge barýaryn» diýip jogap berdi. Men onuň daşynyň otly diwary, içiniň şöhraty bolaryn. Muny Reb diýýär“» diýdi. Reb şeýle diýýär: «Haýdaň, haýdaň! Demirgazyk ýurdundan gaçyň. Çünki Men sizi gögüň dört tarapyna öwüsýän ýel kimin dargatdym, muny Men – Reb aýdýandyryn. Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn. Soňra gurbanlyk sypasyndaky oda gözegçilik edýän başga bir perişde sypadan çykyp, ötgür orakla batly ses bilen şeýle diýdi: «Sen-de ötgür oragyňy işlet. Ýerdäki üzüm agajyndaky salkymlary ýyg, çünki üzüm bişipdir».
Выбор основного перевода