Gün ýaşyp barýarka, Ybramy agyr uky basmarlady; onuň üstüne elhenç gorky howpy abandy.
Hökmürowan Reb bu süňklere şeýle diýýär: „Ine, Men size nepesimi üflärin, siz direlersiňiz.
Onsoň Ol maňa nepese pygamberlik et, eý, ynsan ogly, pygamberlik et-de, nepese aýt diýdi: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eý, nepes, şemal bolup, çar tarapdan öwüs-de, bu öldürilenleriň üstüne üfle, olar direlsinler“».
Şeýlelikde, Onuň maňa tabşyryşy ýaly, pygamberlik etdim we nepes olaryň içine girdi. Olar direlip, köp, örän köp goşun kimin aýak üstüne galdylar.