Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Deňizleriň tupan-harasadyny, onuň tolkunlarynyň güwwüldisini, halklaryň tolgunmasyny ýatyrýan Sensiň. Guduzlan deňze ýöredýäň Öz hökümiňi, tolkunlary möwjände, köşeşdirýäň olary. Ol buýurdy-da, tupanly gaý turuzdy, ol hem deňziň tolkunlaryny galkdyrdy. Gämiçiler göge galdy, çuňluga indi, gorkudan ýaňa janlary çykara geldi. Serhoş kimin yranyp entirekledi, akyl-huşlary başyndan uçdy. Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi. Ol tupany asudalyga öwürdi, deňiz tolkunlary köşeşdi. Şatlandylar, çünki ümsümlik boldy, Ol olaryň islän gämi duralgasyna ýetirdi. Rebbiň sadyk söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin. Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar? Isa şobada elini uzadyp, ony tutdy-da: «Eý, az imanly, näme üçin şübhelendiň?» diýdi. Emma Isa olaryň näme diýişýändiklerini bilip, şeýle diýdi: «Eý, imany azlar! Çörek almandyrys diýşip, nämä özara çekeleşýärsiňiz?
Выбор основного перевода