Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musa we Haruna şeýle diýdi: «Eger kimdir biriniň derisinde pakgarma, gotur ýa-da menek peýda bolup, ol deri keseline öwrülse, ol adam ruhany Harunyň ýa-da onuň ogullarynyň biriniň ýanyna getirilsin. Ruhany onuň endamyndaky deri keselini barlasyn. Eger deriniň keselli ýeriniň gyllary agaryp, ol deriden aşak geçen bolsa, onda bu deri keselidir. Ruhany deri kesellini gözden geçirenden soň, ony haram diýip yglan etsin. Emma keselliniň endamyndaky menek ak bolup, ol deriniň astyna geçmän, deriniň keselli ýeriniň gyllary agarmadyk bolsa, onda ruhany deri kesellini ýedi günläp aýry saklasyn. Ýedinji gün ruhany deri kesellini gözden geçirsin. Eger deri keseli endama ýaýraman, öňküligine galan bolsa, onda ruhany deri kesellini ýene-de ýedi günläp aýry saklasyn. Ýedinji günde ruhany ony ýene gözden geçirsin. Eger deri keseli solup, endama ýaýramadyk bolsa, ruhany deri kesellini tämiz diýip yglan etsin. Bu diňe goturdyr, ol adam geýimlerini ýuwsun we diňe şondan soň ol tämiz bolar. Ýöne deri keselli adam tämizlenmek üçin özüni ruhana görkezenden soň, gotur onuň endamyna ýaýrap ugrasa, ol ýene-de ruhanynyň ýanyna gelsin. Ruhany ony ýene-de gözden geçirsin. Eger gotur onuň endamyna ýaýran bolsa, ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Bu deri keselidir. Eger kimdir biri deri keseline ýoluksa, ol ruhanynyň ýanyna getirilsin. Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň derisinde ak pakgarma bolup, onuň üstündäki gyllar agaryp, açyk ýara dörän bolsa, bu ötüşen ýokançly deri keselidir. Ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ruhana kesellini aýry saklamak gerek däldir, çünki ol haramdyr. Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň derisinde ak pakgarma bolup, onuň üstündäki gyllar agaryp, açyk ýara dörän bolsa, bu ötüşen ýokançly deri keselidir. Ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ruhana kesellini aýry saklamak gerek däldir, çünki ol haramdyr. Emma deri keseli endama ýaýrap, ol keselliniň başyndan aýagyna çenli bütin endamyny tutan bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli onuň tutuş endamyna ýaýran bolsa, ruhany kesellini tämiz diýip yglan etsin. Diňe bütin endamynyň agaranlygy üçin keselli tämizdir. Emma deri keseli endama ýaýrap, ol keselliniň başyndan aýagyna çenli bütin endamyny tutan bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli onuň tutuş endamyna ýaýran bolsa, ruhany kesellini tämiz diýip yglan etsin. Diňe bütin endamynyň agaranlygy üçin keselli tämizdir. Emma keselliniň endamyndaky ýaranyň içindäki et gyzaran bolsa, ol şol günüň özünde haram diýip yglan edilsin. Ruhany ony ýene-de gözden geçirsin. Eger ruhany deridäki, ýaranyň içinde gyp-gyzyl et görse, ol deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ýaranyň içinde gyzaran et harapdyr, çünki ol deri keselidir. Emma ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et agarsa, ol deri keselli adam ruhanynyň ýanyna gelsin. Ruhany ony gözden geçirsin. Eger ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et agaran bolsa, ruhany deri kesellini tämiz diýip yglan etsin. Ol tämizdir. Eger biriniň endamyna çyban çykyp, gowulaşandan soň çybanyň ýerinde ak pakgarma ýa-da gyzylymtyl ak menek peýda bolsa, ol ruhana görkezilmelidir. Eger biriniň endamyna çyban çykyp, gowulaşandan soň çybanyň ýerinde ak pakgarma ýa-da gyzylymtyl ak menek peýda bolsa, ol ruhana görkezilmelidir. Ruhany ony gözden geçirsin, eger şol gyzylymtyl ak menek deriden aşak geçip, ondaky gyllar agaran bolsa, ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Ol çyban çykan ýerden dörän deri keselidir. Emma ruhany deri kesellini gözden geçirende, gyzylymtyl ak menegiň üstündäki gyllar agarmadyk bolsa we ol deriden aşak geçmedik bolsa, onda ruhany deri kesellini ýedi günläp aýry saklasyn. Eger gyzylymtyl ak menek onuň bütin endamyna ýaýran bolsa, ruhany ony haram diýip yglan etsin. Bu ýokançly deri keselidir. Emma bu menek bir ýerde bolup, endama ýaýramadyk bolsa, onda bu çybandan galan yzdyr. Ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin. Eger kimdir biriniň endamynda ýanyk bolup, ol ýanyk ýarasy gyzylymtyl ak ýa-da çuw-ak menege öwrülse, ruhany ony gözden geçirsin. Eger menekdäki gyllar agaryp, menek deriden aşak geçen bolsa, bu ýanykdan dörän ýokançly deri keselidir. Ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Eger kimdir biriniň endamynda ýanyk bolup, ol ýanyk ýarasy gyzylymtyl ak ýa-da çuw-ak menege öwrülse, ruhany ony gözden geçirsin. Eger menekdäki gyllar agaryp, menek deriden aşak geçen bolsa, bu ýanykdan dörän ýokançly deri keselidir. Ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Emma ruhany ony gözden geçirende, menekdäki gyllar agarman, menek deriden aşak geçmän, gaýtam onuň reňki öçüşen bolsa, ruhany ol adamy ýedi günläp aýry saklasyn. Ýedinji gün ruhany ony gözden geçirsin. Eger menek endama ýaýraýan bolsa, ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Bu deri keselidir. Emma bu menek bir ýerde bolup, ol endama ýaýraman, gaýtam, onuň reňki öçüşen bolsa, bu ýokançly deri keseli däldir. Ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin, çünki bu ýanyk ýarasyndan galan yzdyr. Erkek adamyň ýa-da aýalyň kellesinde ýa-da eňeginde deri keseli peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli deriden aşak geçip, ondaky gyllar inçejik, sary bolsa, ruhany ony haram diýip yglan etsin. Ol gijilewükdir; ol kellede we eňekde dörän ýokançly deri keselidir. Erkek adamyň ýa-da aýalyň kellesinde ýa-da eňeginde deri keseli peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli deriden aşak geçip, ondaky gyllar inçejik, sary bolsa, ruhany ony haram diýip yglan etsin. Ol gijilewükdir; ol kellede we eňekde dörän ýokançly deri keselidir. Ruhany gijilewük kesellini gözden geçirsin. Eger gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa we onda gara gyllar ýok bolsa, onda ruhany gijilewükli adamy ýedi gün aýry saklasyn. Ýedinji gün ruhany gijilewükli adamy gözden geçirsin. Eger gijilewük onuň endamyna ýaýramadyk bolsa we onda sary gyllar bolman, gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa, ol keselli adam saçyny syrsyn, emma gijilewügiň üstüni syrmasyn. Ruhany ýaňky gijilewükli adamy ýene-de ýedi gün aýry saklasyn. Ýedinji gün ruhany gijilewükli adamy gözden geçirsin. Eger gijilewük onuň endamyna ýaýramadyk bolsa we onda sary gyllar bolman, gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa, ol keselli adam saçyny syrsyn, emma gijilewügiň üstüni syrmasyn. Ruhany ýaňky gijilewükli adamy ýene-de ýedi gün aýry saklasyn. Ýedinji gün ruhany gijilewük kesellini gözden geçirsin. Eger gijilewük endama ýaýramadyk bolsa we deriden aşak geçmedik bolsa, ruhany ony tämiz diýip yglan etsin. Ol eşiklerini ýuwsun, şondan soň ol tämiz bolar. Eger gijilewük keselli tämiz diýlip yglan edilenden soň, gijilewük onuň endamyna ýaýrasa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger gijilewük endama ýaýran bolsa, onda ruhany sary gyllary tapjak bolup oturmasyn, ol haramdyr. Eger gijilewük keselli tämiz diýlip yglan edilenden soň, gijilewük onuň endamyna ýaýrasa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger gijilewük endama ýaýran bolsa, onda ruhany sary gyllary tapjak bolup oturmasyn, ol haramdyr. Emma ruhanynyň pikiriçe gijilewük öňki durşuna galyp, oňa gara gyllar çykan bolsa, onda gijilewük gowulaşandyr. Ol adam tämizdir we ruhany ony tämiz diýip yglan etsin. Erkek adamyň ýa-da aýalyň derisinde ak menekler peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deridäki menekler agymtyl bolsa, bu deride ören örgündir, ol tämizdir. Erkek adamyň ýa-da aýalyň derisinde ak menekler peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deridäki menekler agymtyl bolsa, bu deride ören örgündir, ol tämizdir. Eger bir adamyň saçy düşen bolsa, ol takyr kelledir, emma tämizdir. Eger onuň maňlaý saçy we depe saçy düşen bolsa, ol takyr kelledir, emma tämizdir. Emma takyr kellede ýa-da maňlaýda gyzylymtyl ak menek peýda bolsa, bu onuň takyr kellesinde ýa-da maňlaýynda dörän deri keselidir. Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň takyr kellesindäki ýa-da maňlaýyndaky ýokuşýan deri keseli ýaly gyzylymtyl ak menek bolsa, ol adam deri kesellidir we ol haramdyr. Ruhany deri kesellidigi üçin, ol adamy haram diýip yglan etsin. Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň takyr kellesindäki ýa-da maňlaýyndaky ýokuşýan deri keseli ýaly gyzylymtyl ak menek bolsa, ol adam deri kesellidir we ol haramdyr. Ruhany deri kesellidigi üçin, ol adamy haram diýip yglan etsin. Ýokançly deri keseli bolan adam sal-sal eginbaş geýip, saçyny daramasyn we eli bilen agzyny tutup: „Men – haram, men – haram“ diýip gygyrsyn. Ýokançly deri keseli aýrylyp gidýänçä, ol haramdyr. Ol ýeke ýaşamalydyr we düşelgäniň daşynda bolmalydyr». Isa olara bu zatlary aýdyp durka, bir ýolbaşçy gelip, Onuň aýagyna ýykyldy. Ol: «Meniň gyzym ýaňyja öldi, emma Sen gelip, eliňi onuň üstünde goýsaň, ol direler» diýdi. Emma ol aýal ýene-de Isanyň golaýyna gelip, dyza çökdi-de: «Agam, maňa kömek et» diýip ýalbardy. Dolandyryjy ýere ýüzin düşüp, hojaýynyna: „Sabyr et! Baryny bereýin“ diýip ýalbarýar. Soňra Zebedeýiň ogullarynyň ejesi öz ogullary bilen Isanyň ýanyna geldi. Ol Isadan bir zatlar dilemek üçin dyzyna çöküp, tagzym etdi. Ol hem: «Ýa Reb, iman edýärin» diýip, Oňa sežde etdi.
Выбор основного перевода