Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Isa öwrülip, ony gördi-de: «Eý, naçar, dogumly bol, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Aýal şol pursadyň özünde sagaldy. Isa öýe girende, körler Onuň ýanyna geldiler. Isa olardan: «Meniň bu işi başarjagyma ynanýarsyňyzmy?» diýip sorady. Olar hem Oňa: «Hawa, Agam» diýip jogap berdiler. Şonda Isa olaryň gözlerine elini degrip: «Size imanyňyza görä bolsun!» diýdi welin, Şonda Isa oňa: «Eý, zenan, seniň imanyň beýik! Saňa isleýşiň ýaly bolsun!» diýdi. Ol aýalyň gyzy şol sagadyň özünde sagaldy. Isa bolsa aýala: «Seni imanyň halas etdi, arkaýyn gidiber» diýdi. Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Arkaýyn gidiber» diýdi. Emma Isa muny eşidip, oňa: «Gorkma, diňe iman et, gyzyň gutular» diýdi. Ol adam hyzmatkärlerinden oglunyň gowulaşyp başlan sagadyny sorady. Olar oňa: «Düýn gündiz sagat birde gyzgyny gaýtdy» diýdiler.
Выбор основного перевода