Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma onuň ezilmesi, dert çekmesi Rebbiň islegidi. Onuň jany günä gurbanlygy edilse, ol neslini görer, onuň ömri uzar; Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar. Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir. Şonuň üçin Ol nahar başyndan turup, donuny çykardy-da, bir ýaglyk bilen bilini guşady. Eger Men siziň Agaňyz we Mugallymyňyz bolubam, aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz-de biri-biriňiziň aýagyňyzy ýuwmalysyňyz. Gaýtam, bir gul kimin bolup, ynsan keşbinde bu dünýä indi, Ol Özüni asla hiç etdi. Ol ynsan sypatyna girip, Isa Mesih hemmeleri azat etmek üçin, Özüni gurban etdi. Şeýdip, Ol Hudaýyň niýetini tassyklady. Hudaýyň niýeti bolsa gelejekde her bir adamy Öz bellän wagtynda halas etmekden ybaratdyr. Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi. Edil şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini ýuwmak üçin, bir gezekde gurban boldy. Emma Ol ikinji gezek gelende, günäleri ýuwmak üçin däl-de, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlary halas etmek üçin geler. Tersine, Hudaýyň şikessiz hem tegmiltsiz gurbanlyk Guzusy bolan Mesihiň gymmatly gany arkaly halas edilensiňiz.
Выбор основного перевода