Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Seresap boluň, kalbyňyzda erbet pikir bolmasyn. Siz: „Ýedinji ýyl – karz geçiş ýyly golaý“ diýip, açgözlük edip, mätäç ysraýyl doganyňyza hiç zat bermän goýmaň. Ýogsam, doganyňyz siziň garşyňyza Rebbe dady-perýat eder we siz ýazykly bolarsyňyz. Gözüň şikesli bolsa, tutuş bedeniň hem garaňky bolar. Eger sendäki yşyk garaňky bolsa, onda ol nähili elhenç garaňkylykdyr! Çünki içden, adamyň ýüreginden erbet pikirler, azgynlyk, ogurlyk, ganhorlyk, zynahorlyk, açgözlük, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, göriplik, sögünç, tekepbirlik we akmaklyk çykýar. Şonuň üçin-de, saýlanyp-seçilme adamyň islegine ýa-da tagallasyna däl-de, Hudaýyň merhemetine baglydyr. Eýsem küýzegäriň şol bir toýundan islän gabyny: birini toý-baýramlar üçin, beýlekisini gündelik işler üçin ýasamaga haky ýokmy näme?
Выбор основного перевода