Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şondan soň Isa şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigi, ýaşulularyň, ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň elinden köp görgüler görmelidigi, öldürilmelidigi we üçülenji gün direlmelidigi hakynda düşündirmäge başlady. Ony öldürerler, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi. Şägirtler muňa örän gynandylar. Ony daňyp, häkim Pilata eltip tabşyrdylar. Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Ynsan Ogly köp görgi görmeli, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar we Töwrat mugallymlary tarapyndan ret edilmeli, öldürilmeli we üçülenji gün direlmelidir» diýdi. Ol: „Ynsan Ogly günäli adamlaryň eline tabşyrylmaly, haça çüýlenmeli we üçülenji gün direlmelidir“ diýipdi» diýdiler. Isa olara: «Mesih görgi görer we üçülenji gün ölümden direler diýip ýazylandyr. Hudaý Öz tutan maksadyna görä, Isany siziň eliňize bermegi öňden karar edipdi. Siz Ony kesekileriň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz. Ata-babalarymyz Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýy Öz guly Isany şöhratlandyrdy. Emma siz Ony ölüme tabşyrdyňyz, hatda Pilat Ony boşatmagy ýüregine düwende-de, siz Ony Pilatyň huzurynda inkär etdiňiz. emma Hudaý üçülenji gün Isany direltdi. Ol jaýlanyp, Mukaddes Ýazgylara görä hem üçülenji gün diýlende direldi.
Выбор основного перевода