Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Olar daşa çykyp, Maňa garşy baş galdyranlaryň jesetlerini görerler. Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez; olar bütin adamzada ýigrenji bolarlar. Bir gün wagty dolup, gedaý ölýär. Perişdeler ony Ybraýymyň ýanyna äkidýärler. Soňra baý hem ölýär we jaýlanýar. Dowzahda ejir çekýän baý gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy we onuň ýanyndaky Lazary görýär. Şonda ol gygyryp: „Eý, Ybraýym ata, maňa rehim et! Lazary iber, barmagynyň ujuny suwa batyryp, meniň dilimi sowatsyn, sebäbi bu oduň içinde men ejir çekýärin“ diýýär. Emma Ybraýym oňa: „Eý, ogul! Sen öz ýaşaýşyňda ýagşy zatlary alanyňy, Lazaryň bolsa ejir çekenini ýadyňa sal. Indi bolsa ol bu ýerde rahatlyk görýär, emma sen ejir çekýärsiň. Bulardan başga-da, biziň bilen siziň araňyzda äpet bir uçut goýlupdyr, şonuň üçin bu ýerden siz tarapa, ol ýerden hem biz tarapa hiç kim geçip bilmez“ diýip jogap berýär. Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-‑gündiz ebedilik ejir çekerler. Onsoň ölüm we ölüler dünýäsi ýanyp duran köle zyňyldy. Ine, bu otly köl ikinji ölümdir. Atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklaryň ählisi ýanyp duran köle zyňyldy.
Выбор основного перевода