Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Men seredip durkam tagtlar guruldy. Owaldan Bar Bolan tagtynda oturdy. Onuň geýimleri gar ýaly ap-akdy, başyndaky saçlary hem pamyk ýaly ap-akdy. Onuň tagty oduň ýalny kimindi, tigirleri ýanyp duran otdy. Onuň görnüşi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy, eginbaşy gar ýaly akdy. olaryň arasynda bolsa ynsan ogluna meňzeş Birini gördüm. Onuň egnindäki lybasy topugyna düşüp durdy, bilinde bolsa altyndan guşagy bardy. Onuň saçlary ýüň ýaly, gar ýaly ap-akdy, gözleri alawlaýan ot ýalydy, aýaklary kürede gyzardylan mis ýaly ýalpyldaýardy, sesi ägirt ummanyň güwwüldisi ýalydy. Sag elinde ýedi ýyldyz bardy, agzyndan iki ýüzli kesgir gylyç çykyp durdy. Onuň ýüzi süýrgünortanyň Güni kimin parlaýardy.
Выбор основного перевода