Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Hudaýym, Hudaýym, näme üçin meni terk etdiň? Näme üçin halas ederden, perýadymy eşiderden uzakdasyň Sen? Hudaýym, gündizine çagyrýan, ýöne jogap bermeýäň, gijesine – emma rahatlygy tapmaýan. Ýöne welin mukaddessiň Sen! Ysraýyl alkyşlarynyň üstünde tagt guransyň Sen. Saňa bil bagladylar atalarymyz; ynandylar, Sen hem halas etdiň olary. Olar Saňa perýat edip, halas boldular; Saňa bil bagladylar, baglan umydynda aldanmadylar. Men bolsa bir gurçuk, ynsan däldirin: ynsanlaryň ýüzügarasy, halkyň kemsidýäni. Meni görýänleriň bary üstümden gülýär, başlaryny ýaýkaýar hem ýaňsylaýar: «Rebbe tabşyrypdy özüni; goý, Ol ony halas eýlesin, ony azat etsin, çünki Reb ondan köp razy!» Emma Sensiň ýatgydan meni çykaran, enem gujagyndakam maňa rahatlyk beren. Dünýä inäýemde Saňa atyldym, Sen – Hudaýym enem göwresinden çykalym bäri. Menden daşlaşma Sen, çünki muşakgat ýakyn, kömekçi-de ýok. Birentek öküzler meni gurşady, güýçli Başan öküzleri meni gabady; olar maňa açýarlar agyzlaryny parçalaýjy, arlaýjy bir arslan ýaly. Men suw kimin döküldim, bogun-bogun söküldi ähli süňklerim, mum kimin meniň ýüregim gursagymda pagyş-para eredi. Güýjüm küýzäniň döwügi dek gurady, dilim-de kentlewügime ýapyşdy, çünki ölüm topragynda Sen meni goýduň. Itler meniň daşymy aldy, betkärler topary meni gurşady, el-aýaklarymy parran deşdiler. Ähli süňklerimi sanaýmalydyr, olar maňa seredip, tomaşa edýär. Özara paýlaşýarlar geýimlerimi, eginbaşym üçin bije atýarlar. Ol äsgerilmedi, ynsanlar ony ret etdi, ol derdi, hassalygy bilýän adamdy; adamlar ondan ýüzlerini öwürdiler, ol äsgerilmedi, hiç zatça-da görmedik ony biz. Soňra Hirod bilen onuň esgerleri Isany kemsidip masgaraladylar. Egnine bir nepis don geýdirip, Pilatyň ýanyna yzyna iberdiler. Gaýtam, bir gul kimin bolup, ynsan keşbinde bu dünýä indi, Ol Özüni asla hiç etdi. Ol ynsan sypatyna girip,
Выбор основного перевода