Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Onsoň Isa olara: «Gorkmaň! Baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä gitsinler. Meni şol ýerde görerler» diýdi. Aýallar heniz ýoldakalar, sakçylaryň birnäçesi şähere baryp, bolan ähli zatlary ýolbaşçy ruhanylara habar berdiler. Olar ýaşulular bilen ýygnanyşyp, maslahat geçirenlerinden soň, esgerlere köp pul berip: «Siz halka: „Biz gije ýatyrkak, şägirtleri gelip, Onuň jesedini ogurlap gidipdirler“ diýiň. Bu habar häkimiň gulagyna baryp ýetse, ony ynandyryp, biz sizi aladadan dyndararys» diýdiler. Garawullar puly alyp, özlerine buýrulyşy ýaly etdiler. Bu gürrüň ýahudylaryň arasynda şu güne çenli hem dowam edip gelýär. Şunluk bilen, on bir şägirt Jelilä, Isanyň aýdan dagyna gitdi. Isany görüp, Oňa sežde etdiler, emma olaryň käbiri şübhelendi. Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi. Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň. Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi. Onsoň Isa daga çykyp, Öz saýlan adamlaryny ýanyna çagyrdy, olar Onuň ýanyna bardylar. Isa on iki adamy saýlap alyp, olara resullar diýip at berdi. Onuň wagyz etmäge iberen, hassalary sagaldyp, arwah-jynlary kowmaga ygtyýar beren bu on iki resuly şulardyr: Simun – Isa oňa Petrus diýip at berdi, Isa on iki adamy saýlap alyp, olara resullar diýip at berdi. Onuň wagyz etmäge iberen, hassalary sagaldyp, arwah-jynlary kowmaga ygtyýar beren bu on iki resuly şulardyr: Simun – Isa oňa Petrus diýip at berdi, Şundan soň Reb Isa başga ýetmiş iki adamy belläp, olary Özüniň gitmekçi bolýan ähli şäherlerine, ýerlerine iki-ikiden öňünden ýollady.
Выбор основного перевода