Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Şol wagt on iki ýyldan bäri gan akma keselinden ejir çekýän bir aýal Isanyň arka tarapyndan gelip, Onuň donunyň syýyna elini degirdi. Isa ençeme adama şypa berdi, şonuň üçin hemme hassalar Oňa ellerini degirjek bolup, ýanyna itekleşip gelýärdiler. Ähli adamlar Isa el degirjek bolup dyrjaşýardy, sebäbi Ondan çykýan güýç olaryň hemmesine şypa berýärdi. Ol Isanyň arka tarapyndan baryp, Onuň donunyň syýyna elini degirdi welin, şobada gan akmasy kesildi. Petrus geçip gidende, hiç bolmanda, onuň kölegesi hassalaryň üstüne düşsün diýip, olary köçelere çykaryp, çarpaýalarda we düşeklerde ýatyrýardylar. Hudaý Pawlusyň eli bilen görlüp-eşidilmedik gudratlary görkezdi. Pawlusa degen elýaglykdyr guşaklary alyp, hassalaryň üstüne ýapanlarynda, olar dertlerine şypa tapýardylar, olardan arwah-jynlar çykýardy.
Выбор основного перевода