Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Eliý oňa: «Bar, arkaýyn öýüňe gaýdyber, goý, Ysraýyl Hudaýy dilegiňi kabul etsin» diýdi. Soňra Ýonatan Dawuda: «„Özümize hem-de neslimize Reb ebedilik şaýat bolsun“ diýip, ikimiz hem Rebden äht edişdik ahyryn. Bar, indi sen arkaýyn gidiber» diýdi. Patyşa oňa: «Arkaýyn gidiber» diýdi. Şeýdip, ol Hebrona gitdi. Elýaşa pygamber: «Arkaýyn gidiber» diýip, Nagamany ugratdy. Nagaman Elýaşanyň ýanyndan gaýdyp, biraz ýol geçipdi. Isa hem oňa: «Bar, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Şobada bu adamyň gözleri açyldy. Onsoň ol hem Isanyň yzyna düşüp gidiberdi. Isa bolsa aýala: «Seni imanyň halas etdi, arkaýyn gidiber» diýdi. Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Arkaýyn gidiber» diýdi. Zyndanyň baş gözegçisi hem bu habary Pawlusa ýetirip: «Häkimler size gidiberiň diýip habar ýollapdyrlar. Indi siz gidip bilersiňiz. Sag-aman baryň» diýdi. Adam Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, diňe Isa Mesihe bolan imany arkaly aklanýandyr. Muny hatda biz hem bilýäris. Şoňa görä-de, biz Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, Isa Mesihe bolan imanymyz arkaly aklanmak üçin, Oňa iman etdik. Çünki Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly hiç kim aklanýan däldir. siz oňa iýmit, geýim bermän, diňe: «Sag-aman bar, daşyňyň ýylap, garnyňyň doýmagyny dileýärin» diýseňiz, bu sözüňiz oňa nämä derkar?
Выбор основного перевода