Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Isanyň ol adama ýüregi awady. Ol elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Isa ençeme adama şypa berdi, şonuň üçin hemme hassalar Oňa ellerini degirjek bolup, ýanyna itekleşip gelýärdiler. Isa nirä barsa, oba bolsun, şäher bolsun ýa-da şäherçe, adamlar hassalary meýdanlarda ýatyryp, diňe donunyň syýyna ellerini degirmäge rugsat etsin diýip, Oňa ýalbarýardylar. Oňa el degrenleriň hemmesi-de şypa tapýardy. Onsoň Isa bilen şägirtleri Betsaýda geldiler. Ol ýerde Isanyň ýanyna bir kör adamy getirdiler we oňa elini degirmegini sorap, Oňa ýalbardylar. Ähli adamlar Isa el degirjek bolup dyrjaşýardy, sebäbi Ondan çykýan güýç olaryň hemmesine şypa berýärdi.
Выбор основного перевода