Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Ol hem gidip, Isanyň özüne eden ýagşylygynyň baryny Dekapolisde jar etmäge başlady. Hemmeler muňa haýran galdy. Isa olary görüp: «Baryň, ruhanylara görnüň» diýdi. Olar ýoldakalar keselden saplandy. Olaryň biri sagalanyny görüp, gaty ses bilen Hudaýy şöhratlandyryp, yzyna öwrüldi. Ol Isanyň aýaklaryna ýykylyp, Oňa minnetdarlyk bildirdi. Bu adam samariýalydy. Isa: «Keselden saplanan on kişi dälmidi? Galan dokuz adam nirede? Hudaýy şöhratlandyrmak üçin bu kesekiden başga hiç kim yzyna öwrülmedimi?» diýip sorady. Onsoň oňa: «Tur, gidiber, imanyň seni halas etdi» diýdi. Ol adam: «Onuň günäkärdigini ýa-da däldigini bilemok. Ýöne men bir zady bilýärin: ozal kördüm, indi görýärin» diýip jogap berdi. Şoňa görä-de, eger sen agzyň bilen Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldenine ýürekden iman etseň, halas bolarsyň. Çünki çyn ýürekden iman edýän adam aklanar, agzy bilen ykrar edýän hem halas bolar.
Выбор основного перевода