Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Şeýdip, Musa bilen Haruny yzyna, faraonyň ýanyna çagyrdylar. Faraon olara: «Gidiň-de, Hudaýyňyz Rebbe ybadat ediň! Ýöne sizden kimler gider?» diýip sorady. Musa oňa: «Biz garry-ýaşlarymyz bilen, ogul-gyzlarymyz bilen, mal-garadyr dowarlarymyz bilen bile gideris, sebäbi biz Rebbiň şanyna baýram etmeli» diýdi. Faraon olara: «Siz aýallaryňyz we oglan-uşaklaryňyz bilen gitmäge menden rugsat alyp bilen günüňiz, goý, Reb sizlik bolsun! Görýäňizmi, siziň päliňiz düzüw däl eken. Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, mukaddes Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetir. Alty günde ähli işleriňi edersiň. Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüňem hiç iş etme, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, öküziň ýa-da eşegiň, tutuş mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek – hijisi bir iş hem etmesin. Şonda siziň gul-gyrnagyňyz hem özüňiz ýaly dynç alyp biler. Onsoň olardan: «Biriňiziň ogluňyz ýa-da öküziňiz guýa gaçsa, Sabat günüdigine garamazdan ony dessine çykarmazmy?» diýip sorady.
Выбор основного перевода