Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Emma Isa oňa: «Meniň yzyma düş, goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler» diýdi. Isa oňa: «Müýnsüz bolaýyn diýseň, git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Soňra gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi. Isa oňa söýgüden doly mähir bilen seredip: «Seniň ýekeje kemiň bar. Git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. Ertesi gün Isa Jelilä gitmegi ýüregine düwdi. Ol Filipi tapyp: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Gelin giýewe degişlidir. Giýewiň dosty bolsa, giýewiň gelerine garaşyp, onuň sesini eşideninde juda şatlanýandyr. Hut şonuň ýaly meniň şatlygym-da indi hasyl boldy. Isa bulary Petrusyň nähili ölüm bilen ölüp, Hudaýy şöhratlandyrjakdygyny bildirmek üçin aýtdy. Muny aýdandan soňra oňa: «Meniň yzyma düş» diýdi. Isa oňa: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme? Sen Meniň yzyma düş» diýip jogap berdi.
Выбор основного перевода