Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Reb Musa şeýle diýdi: «Saýlama bugdaý unundan on iki sany çörek bişirt, olaryň her biriniň agramy ondan iki batmana barabar bolsun. Olary Rebbiň huzurynda sap altyndan bolan hantagtanyň üstünde alty-altydan iki hatar edip goý. Her hatar çöregiň ýanynda Rebbiň ýoluna hödür edilen paý hökmünde sap arassa, ýakymly ysly tütetgiden goý. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka bolup, ol çöregiň ornuny tutar. Harun bulary adat boýunça her Sabat güni Rebbiň huzurynda goýsun. Bu ysraýyl halkynyň ebedilik borjudyr. Bu çörekler Harun we onuň ogullarynyňkydyr. Olar mukaddes ýerde iýilsin. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlarynyň içinde ruhanylar üçin örän mukaddesi şudur. Bu siziň üçin ebedi parzdyr». Dawut Ahymelek ruhanynyň ýanyna Nop galasyna geldi. Ahymelek gorkudan ýaňa sandyr-sandyr edip, Dawudy garşylamaga çykdy. Ol Dawuda: «Näme üçin ýeke özüň geldiň? Näme üçin ýanyňda hiç kim ýok?» diýip sorady. Dawut Ahymelege: «Patyşa maňa bir ýumuş tabşyrdy. Ol: „Senden iberen bu ýumşum hakda hiç kim hiç zat bilmeli däldir“ diýdi. Şoňa görä, öz ýigitlerim bilen hem duşuşar ýaly ýer belleşdik. Häzir ýanyňda nämäň bar? Maňa bäş sany çörek ýa-da ýanyňda başga nämäň bar bolsa ber» diýdi. Ruhany oňa: «Mende adaty çörek ýok. Mende diňe Rebbe hödür edilen çörek bar. Eger ýanyňdaky ýigitler golaýda aýala ýanaşmadyk bolsalar, siz ony iýip bilersiňiz» diýdi. Dawut ruhana şeýle jogap berdi: «Hawa, meniň, adatça, sapara gaýdanymda edişim ýaly, biz aýal bilen ýatmadyk. Ýanymdaky ýigitler ýönekeý sapara çykanlarynda-da inlerini päk saklaýarlar. Onsoň, olaryň öz inlerini bu gezek nähili päk saklajakdyklaryny biliber!» Şundan soň ruhany Rebbe hödür edilen çöreklerden başga çörek ýokdugy üçin oňa mukaddes çörekleri berdi. Bu çörekler şol gün gyzgyn çörekler bilen çalşyrylypdy. Ruhanylar Sadok bilen Abýatar hem şol ýerde seniň ýanyňda bolarlar. Şa köşgünden eşidenleriňi şolara aýdarsyň. Isa ol ýerden gitdi we olaryň sinagogasyna geldi. Ol ýerde eli şel açan bir adam bardy. Isany aýyplajak bolup, Ondan: «Kanun boýunça Sabat güni hassa şypa bermek bolýarmy?» diýip soradylar. Isa olara: «Eger bir goýnuňyz bolup, ol-da Sabat güni çukura gaçsa, haýsyňyz ony çykaryp almarsyňyz? Ynsan goýundan has gymmatlydyr! Şonuň üçin Sabat güni ýagşylyk etmek bolýar» diýip jogap berdi. Onsoň Isa ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol uzadan badyna, onuň näsag eli edil beýleki eli ýaly sagaldy. Başga bir Sabat güni Isa sinagoga baryp, halka öwretmäge durdy. Ol ýerde sag eli şel açan bir adam bardy. Töwrat mugallymlary bilen fariseýler Isany aýyplamakçy boldular. Sabat güni hassa şypa berermikä diýip, Ony aňtadylar. Isa olaryň pikirlerini bilip, eli şel açan adama: «Ýeriňden tur-da, orta çyk!» diýdi. Ol hem ýerinden turup, ortada durdy. Onsoň Isa olardan: «Size bir sowalym bar: „Kanun boýunça Sabat güni ýagşylyk etmek dogrumy ýa-da ýamanlyk? Biriniň janyny halas etmek dogrumy ýa-da heläk etmek?“» diýip sorady. Isa töweregindäkileriň hemmesine göz gezdirip çykdy-da, ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.
Выбор основного перевода