Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Rebbe we Onuň saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar; hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar. Isa bulary gürrüň berip gutaranda, mähelle Onuň taglymatyna haýran galdy, Ýolbaşçy ruhanylardyr fariseýler Onuň tymsallaryny eşidenlerinde, gürrüňiň özleri baradadygyny aňdylar. Ony tutjak boldular, ýöne halkdan gorkdular, sebäbi halk Isany pygamber saýýardy. Onuň taglymatyna haýran galdylar, sebäbi Isa adamlara Töwrat mugallymlary ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly öwredýärdi. Pesah we Petir baýramyna iki gün galypdy. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary Isany hile bilen tutup, öldürmegiň ýoluny agtarýardylar. Halk Onuň taglymatyna haýran galdy, sebäbi Ol ygtyýarlylyk bilen gepleýärdi. Töwrat mugallymlary bilen ýolbaşçy ruhanylar Ony şol wagtyň özünde tutmagyň ýoluny agtardylar, sebäbi Onuň bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Emma olar halkdan gorkýardylar. Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň ýoluny agtarýardylar, emma halkdan gorkýardylar.
Выбор основного перевода