Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Ine, palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar». Onsoň Isa olara şu tymsaly gürrüň berdi: «Bir adamyň bagynda bitip oturan bir injir agajy bar eken. Ol gelip, ondan miwe agtarýar, ýöne hiç zat tapmaýar. Ol bagbana: „Men üç ýyldan bäri gelip, bu injir agajyndan miwe gözleýän, emma birini-de tapamok. Ony kesip taşla! Ol nämä biderek ýer tutup otyr?“ diýýär. Emma bagban oňa: „Agam, oňa bu ýyl hem degme, men onuň töweregini gazyp, dökün bereýin. Geljek ýyl miwe berse-hä ne ýagşy, bermese-de, ony kesip taşlarsyň“ diýýär».
Выбор основного перевода