Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýany, Ýahudanyň ýolbaşçylaryny, hünärmentler bilen demirçileri Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Bu wakadan soň Reb maňa Özüniň ybadathanasynyň öňünde goýlan iki sebet injiri görkezdi. Bir sebetde ir ýetişýän injirler bardy. Olar diýseň gowudy. Beýleki sebetde bolsa iýmäge ýaramaýan gaty erbet injirler bardy. Onsoň Reb menden: «Ýermeýa, näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Injir. Gowulary gaty gowy, erbetleri bolsa gaty erbet, çüýrükliginden ýaňa olary iýer ýaly däl» diýdim. Onsoň maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Bu ýerden babyllylaryň ýurduna sürgün edilen Ýahuda ýesirlerini bu gowy injirler ýaly ýagşy saýaryn. Nazarym ýagşylyk üçin olarda bolar, olary ýene bu ýurda getirerin. Olary bina ederin, ýykmaryn; olary ekerin, sogrup taşlamaryn. Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem seniň çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz. Ine, öýüňiz haraba öwrüler. Size şuny aýdaýyn: „Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun!“ diýýänçäňiz, Meni gaýtadan görmersiňiz». Ir säher bilen geçip barýarkalar, olar şol injir agajynyň köki bilen gurandygyny gördüler.
Выбор основного перевода