Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Markusyň Hoş Habary
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
«Egin-eşige degişli kadalar şeýledir. Ýüňden ýa-da nepis zygyr matadan tikilen eşikde, zygyr süýümiň ýa-da ýüňüň erşinde ýa-da argajynda bolsun, deride ýa-da deriden edilen islendik zatda bolsun – parhy ýok, onuň ýaşylrak ýa-da gyzylrak öwüsýän ýeri bar bolsa, ol zeňdir we ol ruhana görkezilmelidir. «Ýokançly deri keselli adamyň tämizlenýän döwründäki kadasy şeýledir: ýokançly deri kesellini ruhanynyň ýanyna getirsinler. Ruhany düşelgäniň daşyna çykyp, deri kesellini gözden geçirsin. Eger deri keselli adam keselden gutulan bolsa, ruhany tämizlenmeli adam üçin iki sany diri halal guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik oty getirmeklerini buýursyn. Ruhany düşelgäniň daşyna çykyp, deri kesellini gözden geçirsin. Eger deri keselli adam keselden gutulan bolsa, ruhany tämizlenmeli adam üçin iki sany diri halal guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik oty getirmeklerini buýursyn. Ruhany guşlaryň biriniň içi çeşme suwly toýun gabynyň üstünde soýulmagyny buýursyn. Onuň özi bolsa diri guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik otuny alyp, olary çeşme suwunyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn. Onsoň ruhany deri keselinden tämizlenmeli adamyň üstüne gandan ýedi gezek sepeläp, ony tämiz diýip yglan etsin. Soňra ol guşy açyk meýdana uçuryp goýbersin. Tämizlenmeli adam geýimlerini ýuwup, endamyndaky ähli tüýlerini syryp ýuwunsyn. Şonda ol tämiz bolar. Soňra ol düşelgä girsin, ýöne ýedi gün geçýänçä, öz çadyryna girmesin. Ýedinji gün ol saçyny, sakgalyny, gaşyny, endamyndaky ähli tüýlerini syrsyn. Soňra ol geýimlerini ýuwup, suwa düşünsin. Şonda ol tämiz bolar. Sekizlenji gün ol adam iki sany bir ýaşar şikessiz goçy, bir sany şikessiz bir ýaşar guzyny, zeýtun ýagyna garylan ondan üç batmana barabar saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny galla sadakasy hökmünde ruhana getirip bersin. Tämizleýän ruhany tämizlenýän adamy şu zatlar bilen bilelikde Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirsin. Ruhany guzularyň birini alyp, ýazyk gurbanlygy hökmünde bir şakäse zeýtun ýagy bilen bile, olary Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. Ol guzyny mukaddes ýerde – günä hem-de ýakma gurbanlyk malynyň soýulýan ýerinde soýsun. Çünki ýazyk gurbanlygy-da, edil günä gurbanlygy ýaly, ruhanynyňky bolsun. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr. Ruhany ýazyk gurbanlygynyň ganyndan biraz alyp, ony tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň başam barmagyna we sag aýagynyň başam barmagyna çalsyn. Ruhany şol bir şakäse zeýtun ýagyndan alyp, ony öz çep eliniň aýasyna guýsun. Onsoň çep elindäki ýaga sag eliniň barmagyny batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzurynda sepelesin. Elinde galan ýagdan ruhany tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň başam barmagyna we sag aýagynyň başam barmagyna, ýazyk gurbanlygynyň malynyň gany sürtülen ýere çalsyn. Elindäki ýagyň galanyny ruhany tämizlenýän adamyň kellesine çalsyn. Şeýdip, ruhany ol adamy Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin. Haram adamy haramlygyndan tämizlemek üçin, ruhany günä gurbanlygyny hödür etsin. Soňra ol ýakma gurbanlygynyň malynyň damagyny çalsyn. Ruhany gurbanlyk sypasynyň üstünde ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny bersin. Şeýdip, ruhany ony haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol adam tämiz bolar. Eger ol adam garyp bolup, bu zatlara gurby çatmasa, ol haramlygyndan tämizlenmek üçin, Rebbe göterme sadaka hökmünde bir ýaşar goçy, galla sadakasy üçin zeýtun ýagyna garylan bir batmanyň ondan bir bölegine barabar bolan saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny ol ruhana getirip bersin. Şeýle hem ol iki gumrynyň ýa-da iki kepderiniň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin. Sekizlenji gün gurbanlyk berýän adam bu gurbanlyklary özüniň tämizlenmegi üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna, Rebbiň huzuryna getirip, olary ruhana bersin. Ruhany ýazyk gurbanlygynyň goçuny we bir şakäse zeýtun ýagyny alyp, olary Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. Ruhany ýazyk gurbanlygynyň goçuny soýup, onuň ganyndan birazragyny alyp, ony tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmaklaryna çalsyn. Ruhany zeýtun ýagyndan birazragyny, özüniň çep eliniň aýasyna guýsun. Onsoň ruhany sag eliniň barmagyny çep elindäki ýaga batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzurynda sepelesin. Ruhany elindäki ýagdan tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmaklaryna, ýazyk gurbanlygynyň goçunyň gany sürtülen ýere çalsyn. Elindäki ýagyň galanyny ruhany Rebbiň huzurynda tämizlenýän adamy haramlygyndan tämizlemek üçin, onuň kellesine çalsyn. Soňra ruhany ol adamyň gurbunyň çatyp getiren gumrularynyň ýa-da kepderileriniň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa ýakma gurbanlygy hökmünde galla sadakasy bilen birlikde hödür etsin. Şeýdip, ruhany tämizlenýän adamy Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin. Soňra ruhany ol adamyň gurbunyň çatyp getiren gumrularynyň ýa-da kepderileriniň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa ýakma gurbanlygy hökmünde galla sadakasy bilen birlikde hödür etsin. Şeýdip, ruhany tämizlenýän adamy Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin. Deri keselli bolup, tämizlenmegi üçin sadaka bermäge gurby çatmaýan kişiler üçin kada şulardan ybaratdyr». Şeýlelikde, Isa olaryň sinagogalarynda wagyz edip, arwah-jynlary kowup çykaryp, tutuş Jeliläniň içine aýlandy.
Markusyň Hoş Habary
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Выбор основного перевода