Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Markusyň Hoş Habary
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Isa dürli kesele uçran ençeme hassany sagaltdy, ençeme arwah-jyny kowup çykardy. Ol arwah-jynlara geplemäge ygtyýar bermedi, sebäbi olar Onuň kimdigini bilýärdiler. Şeýlelikde, Isa olaryň sinagogalarynda wagyz edip, arwah-jynlary kowup çykaryp, tutuş Jeliläniň içine aýlandy. Emma Ol Özüniň kimdigini hiç kime aýtmazlygy berk tabşyrdy. Isa bilen şägirtleri kölüň beýleki kenaryndaky gerasalylaryň ýurduna geldiler. Isa gaýykdan düşen badyna, Oňa gonamçylykdan çykyp gelýän bir adam duşdy. Bu adamy arwah-jyn eýeläpdi. Ol mazarlaryň arasynda ýaşaýardy. Ony hiç kim hatda zynjyrlap hem saklap bilmeýärdi. Onuň el-aýaklaryny ençeme gezek zynjyrlasalar-da, gandallasalar-da, ol zynjyrlary gyryp, gandallary bölek-bölek edýärdi. Hiç kim ony ýola getirip bilmezdi. Ol gije-gündiz gonamçylykda, daglarda üznüksiz gygyryp, özüni daş bilen ýaralar ýörerdi. Ol Isany uzakdan görüp, ylgap geldi-de, Onuň öňünde dyzyna çöküp, tagzym etdi. Batly ses bilen gygyryp: «Eý, Isa! Eý, Beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, Hudaýyň haky üçin meni gynama!» diýdi. Sebäbi Isa oňa: «Eý, arwah-jyn, bu adamdan çyk» diýipdi. Onsoň Isa arwah-jyndan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Adym Goşun, çünki biz köplükdiris» diýip jogap berdi. Özlerini bu mesgenden kowup goýbermezligi üçin, olar Isa köp ýalbardylar. Şol ýerdäki dagyň eteginde ullakan bir doňuz sürüsi otlap ýördi. Arwah-jynlar Isa ýalbaryp: «Bizi şol doňuzlaryň arasyna goýber, olaryň içine gireli» diýdiler. Isa olara rugsat berdi. Arwah-jynlar çykyp, doňuzlara girdiler. Şonda iki müňe golaý doňuzdan ybarat bu süri uçutdan aşak zyňyp, kölde paýyrdaşyp gark boldy. Doňuz çopanlary bolsa gaçyp gidip, şäherlerdir obalara bu wakany habar berdiler. Halaýyk näme bolanyny görmäge geldi. Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, bir goşun arwah-jyn eýelän adamyň indi egin-eşikli oturanyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular. Wakany görenler arwah-jyn eýelän adama we doňuzlara näme bolandygy hakynda halka gürrüň berdiler. Onsoň halk özleriniň ýurdundan gitmegi üçin, Isa ýalbarmaga başlady. Isa gaýyga münende, arwah-jyndan halas bolan adam Ondan Özi bilen gitmäge rugsat sorap ýalbardy. Emma Isa muňa rugsat bermedi. Oňa: «Öýüňe, özüňkileriň arasyna git, Rebbiň seniň üçin nämeler edendigini, saňa nähili rehim-şepagat görkezendigini olara gürrüň ber» diýdi. Ol hem gidip, Isanyň özüne eden ýagşylygynyň baryny Dekapolisde jar etmäge başlady. Hemmeler muňa haýran galdy. Isa ol ýerden çykyp, Sur şäheriniň töweregine gitdi. Ol bir öýe bardy we hiç kimiň bu barada bilmegini islemeýärdi, ýöne muny gizlin saklap bilmedi. Kiçijik gyzyny arwah-jyn eýelän bir aýal Isa hakdaky habarlary eşiden badyna gelip, Onuň aýagyna ýykyldy. Ol aýalyň asly Siriýanyň Finikiýa ülkesinden bolup, ol ýahudy däldi. Ol gyzyndan arwah-jyny kowup çykarmagyny sorap, Isa ýalbardy. Isa oňa: «Goý, öňürti çagalar doýsun. Çagalaryň çöregini alyp, itlere zyňmak dogry däldir» diýdi. Aýal hem: «Hawa, Agam! Ýöne itler hem çagalaryň saçak başynda döken çörek owuntyklaryndan iýýändir» diýdi. Isa oňa: «Bu sözüň üçin, bar, gidiber, arwah-jyn seniň gyzyňdan çykdy» diýdi. Aýal öýüne baranda, gyzynyň arwah-jyndan halas bolup, düşeginde ýatanyny gördi. Mähelläniň içinden biri Oňa: «Mugallym! Seniň ýanyňa oglumy getirdim. Arwah-jyn ol geplemez ýaly, onuň dilini baglady. Arwah-jyn ony tutanda ýere urýar. Oglan agzyny köpürjikledip, dişlerini gyjyrdadyp gatap galýar. Seniň şägirtleriňden oglumdan arwah-jyny kowup çykarmaklaryny haýyş etdim, ýöne olar başarmady» diýip jogap berdi. Isa olara: «Eý, imansyz nesil, Men haçana çenli siziň bilen bolaýyn? Haçana çenli size çydaýyn? Oglany Meniň ýanyma getiriň» diýdi. Olar ony Isanyň ýanyna getirdiler. Arwah-jyn Isany gören badyna, oglany gaty silterledi. Oglan ýere ýazylyp, agzyny köpürjikledip, togalanmaga başlady. Isa oglanyň kakasyndan: «Munuň beýle bolanyna näçe wagt boldy?» diýip sorady. Kakasy: «Çagalygyndan bäri şeýle. Arwah-jyn ony heläklejek bolup, telim gezek oda, suwa atdy. Gaýrat et-de, başardygyňdan kömek et, bize haýpyň gelsin!» diýdi. Isa oňa: «Başardygyňdan diýmäň näme? Iman edýän üçin hemme zat mümkindir!» diýdi. Şobada oglanyň kakasy aglap: «Iman edýärin, imansyzlygymy ýeňmäge kömek et!» diýip gygyrdy. Isa mähelläniň ylgaşyp gelýänini görende, arwah-jyna käýäp: «Eý, kerlik hem lallyk ruhy! Saňa buýurýaryn, oglanyň içinden çyk, oňa gaýdyp girme!» diýdi. Arwah-jyn gygyryp, oglany has beter silterledi-de, ondan çykdy. Oglan ölene meňzeýärdi, şonuň üçin ol ýerdäkileriň köpüsi: «Ol öldi» diýişýärdi. Emma Isa oglanyň elinden tutup galdyrdy, ol hem ýerinden turdy. Şägirtler Onuň sözlerine haýran galdylar. Isa ýene olara: «Ogullarym, Hudaýyň Şalygyna girmek nähili kyn! Isa şägirtleri bilen Iýerusalime tarap ýola düşdi, Ol olaryň öňlerinden ýöräp barýardy. Şägirtler Isa haýran galýardylar. Isanyň yzyna düşüp barýan halky hem gorky gaplap alypdy. Isa ýene-de on iki şägirdini bir çete çekip, Öz başyna geljek wakalar barada gürrüň bermäge başlady:
Markusyň Hoş Habary
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Выбор основного перевода