Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Markusyň Hoş Habary
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Çünki meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň, Öz sadygyň gabra girmegine Sen ýol bermersiň. Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi. Birdenkä olar: «Eý, Hudaýyň Ogly! Seniň biziň bilen näme işiň bar? Bizi wagtyndan öň gynamaga geldiňmi?» diýip gygyryşyp başladylar. Batly ses bilen gygyryp: «Eý, Isa! Eý, Beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, Hudaýyň haky üçin meni gynama!» diýdi. Nasyraly Isanyň ol ýerdedigini eşidip: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip gygyrmaga durdy. Ol çoýunyp oturan Petrusy görende, oňa çiňerildi-de: «Sen hem şol nasyraly Isa bilendiň» diýdi. Meni Ibereniň yradasy bolsa, Onuň Özüme berenleriniň hiç birini ýitirmän, olary ahyrky gün gaýtadan direltmegimdir. Hawa, siz Mukaddes we Dogry Bolany inkär edip, bir ganhoryň boşadylmagyny talap etdiňiz. Sen Hudaýyň ýeke-täkdigine ynanýarsyň. Gowy edýärsiň! Muňa hatda arwah-jynlar hem ynanýarlar we galpyldaýarlar.
Markusyň Hoş Habary
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Выбор основного перевода