Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Lukanyň Hoş Habary
Параллельные места
Men Atama ýalbararyn, Ol size hemişe siziň bilen boljak başga bir Hemaýatçy, Siz hem şaýatlyk edersiňiz, sebäbi başdan-aýak Meniň bilen bile bolduňyz. Günleriň birinde Isa olar bilen saçagyň başynda otyrka, şeýle buýruk berdi: «Iýerusalimden gitmäň, Meniň owal aýdyşym ýaly, Atamyň wada beren peşgeşine garaşyň. Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi. Şonuň üçin hem, Ýudanyň ornuna başga birini saýlamagymyz gerek. Bu adam Rebbimiz Isanyň Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilip, tä göge göterilen wagtyna çenli hemişe biziň aramyzda bile bolan adamlaryň biri bolmaly. Ol hem biziň ýaly Isanyň direlendigine şaýatlyk etsin». Hudaý Isany ölümden direltdi, biziň hemmämiz muňa şaýatdyrys. Ol jaýlanyp, Mukaddes Ýazgylara görä hem üçülenji gün diýlende direldi.
Lukanyň Hoş Habary
Выбор основного перевода