Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Lukanyň Hoş Habary
Параллельные места
Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky! Şondan soň Isa şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigi, ýaşulularyň, ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň elinden köp görgüler görmelidigi, öldürilmelidigi we üçülenji gün direlmelidigi hakynda düşündirmäge başlady. Şonda Isa olara: «Entek hem düşünmeýärsiňizmi?» diýdi. Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Ynsan Ogly köp görgi görmeli, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar we Töwrat mugallymlary tarapyndan ret edilmeli, öldürilmeli we üçülenji gün direlmelidir» diýdi. Emma olar bu söze düşünmediler. Bu sözüň manysy olar üçin gizlin bolup galdy, olar bu barada Isadan soramaga-da gorkdular. Isa Onkileri bir çete çekip, olara: «Indi Iýerusalime barýarys. Pygamberleriň Ynsan Ogly hakda ýazanlarynyň ählisi berjaý bolar! Onsoň Ol Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi.
Lukanyň Hoş Habary
Выбор основного перевода