Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Lukanyň Hoş Habary
Параллельные места
Her gün irden Harun çyrany arassalap ýaglamaga gelende, bu sypanyň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýaksyn. Musa Rebbiň buýruşy ýaly, onuň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýakdy. Imranyň ogullary: Harun bilen Musa. Harun iň mukaddes zatlary bagyş etmäge saýlandy. Şeýlelikde, ol hem onuň ogullary elmydama Rebbiň öňünde gurbanlyklar bermelidirler, Oňa hyzmat etmelidirler hem Onuň ady bilen pata bermelidiler. Ogullarym, siz geleňsizlik etmäň, çünki Reb sizi Öz huzurynda durup hyzmat etmegiňiz üçin, Öz hyzmatkärleri bolup, ýakymly ysly tütetgi ýakmagyňyz üçin sizi saýlady». Ähli zat şunuň ýaly gurnalandan soň, ruhanylar her gün çadyryň daşky otagyna girip, öz borçlaryny ýerine ýetirýärdiler.
Lukanyň Hoş Habary
Выбор основного перевода