Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Lukanyň Hoş Habary
Параллельные места
Ol ähtini, müň nesle beren sözüni, Ybraýym bilen eden ähtini, Yshaga beren Öz wadasyny elmydama ýatda saklaýar. Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder. Meniň üçin dogran ogullaryňy we gyzlaryňy alyp, iýmit hökmünde butlara gurban etdiň. Hamala, zynagärligiň az ýalydy! Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi. Owaldan bäri ata- -babalarymyza söz berşiň ýaly, Ýakuba we Ybraýyma wepalylygyňy görkezersiň. Hudaýyň Öz mukaddes pygamberleri arkaly owaldan söz berşi ýaly, ähli zady dikeltmegiň wagty geler. Emma şol wagt gelýänçä, Isanyň gökde galmagy gerek.
Lukanyň Hoş Habary
Выбор основного перевода