Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Lukanyň Hoş Habary
Параллельные места
onda ol şerapdan we çakyrdan datmasyn. Şerap sirkesini-de, başga sirke-de ulanmasyn, üzüm şerbedini-de içmesin, ter üzüm-de, kişmiş-de iýmesin. Sen özüňi aýap sakla, şerap, çakyrdan içme, haram zatlardan iýme. Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin, onuň kellesine päki degmez». «Men seni eneňiň göwresinde şekil bermezimden öň tanadym. Eneden dogulmazyňdan öň seni Özüme bagyş etdim, milletlere pygamber belledim». Ine, Ýahýa çümdüriji geldi, ol iýenogam, içenogam. Siz bolsa oňa „jynly“ diýýärsiňiz. Emma Hudaý merhemet edip, meni eneden dogulmankam saýlap çagyrdy. Ol Hoş Habary keseki milletlere wagyz etmegim üçin, maňa Öz Ogluny aýan etmegi makul bildi. Şonda men hiç kime geňeşmedim
Lukanyň Hoş Habary
Выбор основного перевода