Ýahýanyň Hoş Habary 12:49
Ol görenine, eşidenine şaýatlyk edýär, ýöne Onuň şaýatlygyny hiç kim kabul etmeýär.
Onsoň Isa ybadathanada öwredip durka, gaty ses bilen şeýle diýdi: «Hawa, siz Meni hem tanaýarsyňyz, niredendigimi hem bilýärsiňiz. Emma Men Öz-Özümden gelemok, Meni Iberen hakdyr, siz Ony tanamaýarsyňyz.
Men size Atamyň ýanynda görenlerimi aýdýaryn, siz hem öz ataňyzdan görenleriňizi edýärsiňiz».
Sebäbi Men Öz-Özümden geplemedim. Meni iberen Ata näme aýtmalydygymy, nähili sözlemelidigimi Maňa Özi buýurdy.